Biziň gynanjymyz

O bende türmede ýitdi,
öli, diri, belli däl,
biz oňa gynanýarys,
gynanýarys çagalarna,
aýalyna garaşýan
göz dikip ýoluna şindem,
emma biziň gynanjymyz
gutarmaýar bu ýerde,
sebäbi köp ýigit ýitdi türmede,
gitdi köp adam juda
barsagelmez tarapa,
ilimiz ýitdi biziň
türmä öwrülen ýurtda,
hem türmäniň gapysy
haçan açylar ýa-da
diwarlary ýykylar,
ýykylarmy bäri-bärde,
belli däl asla,
biz bu ýere geldik onuň
elinje kömegi bilen,
ilki diktatoryň sag goly bolan,
soňra göreşiji azatlyk üçin,
pidamy ol ýa pidasy biz onuň,
ýok, bu sorag kellämize gelenok,
sebäp bizde öleni ýa ýiteni
ýazgarmak ýa günälemek bolanok.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024