Surat

Bagyşla

Sen özüňi bagyşla!
Geçir gitmänkä gämiň
açyk deňizde ýitip,
dalama hiç özüňi,
gaçsa yzyndan ýetip...

Bagyşla dost-ýaryňy,
obadaşyň, ildeşiň,
kesekini bagyşla,
baryp bilmedik ýeriň,
çykyp bilmedik depäň,
geçip bilmedik geçidiň,
içip bilmedik içidiň,
ýa-da suwa ýykylana
uzatmadyk eliňi,
ýa ýanana töhmetden
ýetişmedik diliňi,
bagyşla haýallanyň,
egleneniň orta ýolda,
bagyşla kärdeşleriň,
türmä basjak başarsa,
ýa satany iň arzan
hemem satmak isläni,
bagyşla, kine etme
aýagyňa kakanlardan,
çuň çukura ýykanlardan,
itekländen arkaňdan,
ýa-da çekilip gyra
duranlardan kömek etmän,
göwün etme oglan ýaly,
sebäp siňe seretseň,
olar kömek etmäge
kömek etmediler saňa,
kömek etmediler ile,
özlerine arasynda,
ene bilen atasyna,
gyzlaryna ogly bilen,
agtygyna, çowlugyna
kömek etmedi olar,
gahar etme, öýkeleme,
kömek etmedik özüne,
saňa nirden etsin, walla,
olar seni saklamady aslynda,
ýa ýoluňdan goýmady,
belki-de bat berdi aýaklaryňa,
durmagy öwretdi üstünde mäkäm,
berkitdi beýniňi, başyň,
ahyrynda şuňa gelenňe begen,
getirenne begen allaň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019