Surat

Kamera asyry

Kamera asyry geldi,
töre geçdi, ornaşdy,
göräýmäge gözden gaçmak,
ýa sapalak mümkin däl,
ýola gaçan bir teňňäni,
ýa iňňäni ogurlasaň,
tapdym diýip eltip bermän,
görjekler hem biljekler,
emma uly ogurlasaň,
has uludan oýnasaň,
has ullakan oglanlaryň içinde,
oýnuň kadasyny bilseň,
berseň bermelini özüňden ökdä,
milýon, milýard ogurla;
bir adamy, ýetimi ýa naçary,
ýa goragsyz obalyny,
hudaý bardyr diýýän şindem,
ezip, aldap oňma diňe,
balaksyz goý ýüz müňleri, milýony,
kameralar görmez seni,
ýa-da görüp bagyşlar,
daş asyry, ýa kamera, parhy ýok,
suwdan gury çykar uly ogrular,
garyp-pukarany ezer ýagyşlar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024