Surat

Söz we niýet

Barrikadaň haýsy ýandan gygyrsyn,
ýa-da leksikony her neneň bolsun,
basyrsyn özüni gatyk mysaly,
açgöz açlygyny açyp gygyrar,
şöhratparaz şöhrat sorap bagyrar,
barrikada beýik bolsun her neneň,
gizläp bilmez niýetini adamyň,
her neneňsi söz ulansyn dilinde,
ýa-da haýsy baýdak bolsun elinde,
sebäbi ol ýere her hili adam,
her ykbally düşüp ýa gelip bilýär,
hem ulanyp bilýär pursaty ajap,
başga ýagdaý tapmasa,
netijede düýnki ogry,
düýnki azgyn wezipeli,
ýa-da adam satan arzan,
geçen ýerne begenip,
barrikadaň bu ýüzünde
gahrymany oýnaýar,
mänribany bolýar halkyň,
öz ýanyndan, ezilen,
hakykatdan gaçýan göze güýdüşip,
barrikadaň haýsy ýandan gygyrsyn,
näme diýip bagyrsyn,
sen adamyň hiç sözüni diňleme,
ýüregine seret onuň,
hemem niýetine düşün.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024