Surat

Iliň göwni

Adamy özünden gutarmak müşgil,
müşgil, belki, niýetinden dändirmek,
gylygyndan, bet bolsa,
seniň göwnüňe, elbetde,
sen adamy halas edip bilmersiň,
gorap bilmersiň asla,
boşlugyndan boş bolsa has,
kaşlygyndan has beter,
açgözlükden aç gözi
gutaran ýok bu dünýäde,
uly bolmak öz-özüňden,
ýa-da uly görünmek,
owadan görünmek, belki,
görnüşiňden, aslyňdan,
geçirimli bolan bolmak,
geçirmek nä, bilmän asla,
adam ogly döräli bar,
meger şondan adamy
gutaryp bolmaýar özünden aňsat,
goramak kyn ony, walla,
alyp oňaýmasaň ýaňsa.

Adamy özünden gutarmak müşgil,
müşgil, belki, halas etmek özünden,
gowusy ýa erbedi ýok,
her kim ýylar öz közünden,
hemem köýdir el-aýagyn,
öz ýakan oduna agşam,
öz tüssesi gözün gapar,
biri içen bolup geçer,
biri guçan bolup geçer,
göçen bolar beýlekisi,
göteriler ýok ýellere,
ýene biri başgalary ýazgarar,
iň gowusy pikir etmezlik muny,
hem özüňi halas etmek özüňden,
görjek ýa-da gutarjak,
halas etjek bolman iliň göwnüni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024