Türme goşgusy
Sen türmeden gaçaňda nä,
ezizleriň gaçmasa,
galsa gara zyndanda,
gözenekden aňyrda,
gara çörek gaýgysy,
türme sakçylary batyr, edenli,
goramak däl dürresinden döş gerip,
gyşda garyň ýetmese,
a tomusda güneşiň,
otsuz ojak ýaly öçüp,
sen türmeden gaçaňda nä,
göçeňde nä çalşyrgyjyň göterip,
ýüregiň bilmese göçüp?
Iň bärkisi deňiz bolsa arada,
koreýaly ýaly çüýşe taşlasaň,
içine bürünçmi, ýewro salynan,
balykçylar alar diýip,
özüň aldar ýaly bolman,
sen türmeden gaçaňda nä,
eneň-ataň galsa terror astynda,
a kgb karam oýnun oýnasa,
uzakdan, elbetde, gapyňa gelmän,
ol ozalky kümsüklerin ibermän,
daşyny gabasa obaň, şäheriň,
ikiden birini şugulçy etse,
doganlaryň dagdy bolsa,
iýenin, içenin bilmän,
ýa-da bilmän işlänini nirede,
näme üçin, maksady nä,
aýlyk almajak bolsa,
ýa alan aýlygy ýetmejek bolsa
doýagarna doýmaga,
çagalarny okatmaga,
hem ertire, diňe gara güne däl,
gowy güne goýmaga,
sen türmeden gaçaňda nä,
türmebaşy ölmese,
ýa-da ölse, direltseler
beterini tapyp has,
ahyr bir gün düşünersiň,
ýurtdan gaçyp, ýa-da gaçman
ölseňem bolmarsyň halas.