Adam bolmak
Adam bolmak näme, bilýärmisiňiz,
ýa-da adam boljak bolmak azajyk,
ýok edilýän wagty adamyň bir däl,
iki gezek, üç gezek,
ýa dördünji gezek, eger birinji
ýa ikinji gezek höküm çykarlyp,
hem atylyp öldürlende ölmese,
ýa ölen bolmasa baky,
güň bolan bolmasa ýa-da
kör, ker bolup ýaşamasa,
gezek gelende hakyky
adam bolup galmaga;
adam bolmak, meger, siňe seretseň,
öldürýäne, ýok edýäne
tabyn bolup baş egmezlik alaçsyz,
hem özüňi özüňden
taşlamazlyk aşaga.