Iň uly ýeňliş
Belki-de adamyň iň uly ýeňşi
hakykaty görüp bilmek,
saýgarmak agy, garany,
ýa düşünmek haýra, şere,
oňat näme, erbet näme,
ýa düşünjek bolup turmak ýeriňden,
iň ullakan boljak bolýan ogrynyň,
jelladyň ýa talaňçynyň,
ýalançynyň iň bolman,
Lenin ýa-da ýene kim,
öz ýanyndan iň soňky çyn,
hakykatyň özi bolýan
bihaýanyň, azanyň
goranjak bolmak şerinden,
ýalanyna şärik bolup galmazlyk,
belki, durup bilmek hakykat üçin,
durjak bolup çalyşmak,
100% bolmasa-da,
ölmese-de hak diýip,
hak diýeniň ýeke-ýalňyz,
aýagasty galýan güni;
emmaki adamyň ölmekden beter
ýeňlişi bar ýowuz, ýaman,
başlanýar ol hakykata,
çyna ýitirlende ynam,
ýa galmadyk güni hormat,
ol adamy diňe galmagyň ölmän
guluna ýa gyrnagyna öwürýär,
gider ýaly edýär hiç çyna gelmän.