Surat

KGB dynjyny alýar

KGB dynjyny alýar,
dynjyn alýar Lenin baba,
baş terrorçy bize gelen,
dynjyny alýar Stalin,
sebäbi işi ýöreýär,
bökdenji ýok eger-eger,
bolmasa-da, gelmese-de
elli, altmyş ýyldan bäri,
iň sagatlar bolýar däli,
iň akylly bolýar akmak,
iň tämize degýär tokmak,
başlar aýak boldy bireýýäm, ozal,
aýaklar baş boldy kileň,
kim uly, kim kiçi, ýa kim ortalyk,
biljek bolup etseň geleň,
bir-birine ugran açgöz mähelle,
döşüne orden dakynjak,
at-dereje aljak bolsa,
biri-birin garalaýan,
satýan geçen ýerinden,
ýa saklaýan ýolundan,
iň bolmanda egleýän,
ýaralaýan eli bilen, dili bilen bolmasa,
ösdügiçe ezýän beter,
gaýgy etme, hemmä ýeter,
öz-özünden köpelip,
KGB dynjyny alýar,
dynjyn alýar şugullar,
hakyna ýa mugt işleýän,
dynjyn alýar Lenin baba,
buýurmaýar: "Atyň, basyň,
gallasyny alyň elden!",
gapdalynda Stalin,
käte sorup ömür ýakýan şybygyn
otyr, asla turmak, gelmek gerek däl,
gerek däl hiç kime görkezme bermek,
sebäbi ýetişdi yzdan gelýänler,
ekilen agaçlar miwesin berdi,
bu diýmek işleri ýöreýär durman,
köplük öz-özüne garşy işleýär,
köplük öz-özüni oturdýar urman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024