• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Toslama

Toslama bir gowy zat,
gowy zat gybat, belki,
adam bolmajak bolsaň,
ölmejek bolsaň edip
bir adamyň işini,
durup birniň deňinde,
bir ädim ädip öňe,
haýyr hem şer jeňinde,
tosla islän zadyňy,
ýylgyr ýa-da gülen bol
aglamaly ýerinde,
hemem toslap ýok zady,
ýaşa ýalan adada,
sebäbi toslamada
gaty düzgün ýok beýle
durmuşdaka çalymdaş,
ýok onda kanun-kada,
jogapkär däl sen aýdan
ýa-da diýen sözüňe,
gara gije diý daňa,
ýa ýagty diý tümlüge,
toslama bir gowy zat,
gowy zat gybat, belki,
hem aç ölseň gynanma,
jennet garaşýar saňa.

  • 29.05.2018
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019