Ilkibaşda gynanýarsyň

Ilkibaşda gynanýarsyň,
göwün-kine edýärsiň,
başyňa iş düşende,
has anygy terrorçy,
döwlet töhmet atanda,
yza çekilýän ilden,
dost-ýaryňdan öňürti,
dogan, doganoglanyňdan,
çykanyňdan, ýegenden
ynjaýarsyň, sebäbi
azam bolsa, tamaň bar,
emma tama çykmaýar,
soň düşünýäň olar seni geljekde
jan ýakmakdan il üçin,
baş goýmakdan gerek bolsa,
halas edýän ekeni,
ozalky ogry-jümri,
watançy bolanda birden,
birden adam hukugyny goranda,
öz-özüňi gemirmekden, iýmekden
saklaýan ekeni biraz,
çünki sen eliňden gelen,
diliňden gelenin etdiň,
ýarag alyp, göreşjek däl eliňe,
sebäbi ýaraga ynanmaýarsyň,
ynanaňok urşa, gowga,
ynkylaba has beteri,
ilki iliň goldamasa gynanýaň,
hemem sessiz bagyrýarsyň türmede,
aman galsaň, ýat illerde aglaýaň,
hem düşünýän diýýänine il-günüň:
"Kümsüge jan çekmeginiň!"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024