• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Oligarhlar we türme

Hudaýa şükür, türkmen,
düýnki oligarhyň ogly,
söz hem pikir azatlygy
diýen zady eşidipdir,
bilýär onuň gerekdigin,
iň bolmanda kiçi dilden,
düşünmese-de doly,
ýa-da öňki ministriň, ýenäniň,
sözi, metbugaty boguşan, basan,
düşünmän däl, düşünip,
aýaly hem çagalary
adam hukuklary hakda
gürrüň edýär dyngysyz,
garşy çykyp zuluma,
ýogsa düýndi olaryň
zulumdan pul ýasan goçuň
saýasynda aýnaýany,
oýnaýany gaýgysyz,
a söz, pikir azatlygy
gerekdi iki-ýeke
žurnaliste, ýazyja,
türme bilen gorkuzylýan,
gorkuzylýan ölüm bilen,
a soňundan hödürlenýän wezipe,
maşynly hem düşewüntli daşyndan,
hem almasa, däli ýaly bakylan,
ýöne türme sylamaýar hiç kimi,
ony guran oňa girmeli ahyr,
ýa-da garşy durmaly,
arman muňa giç düşünýär ýykylan.

  • 04.05.2018
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Biznesmen we bozgak 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019