Surat

O birisi

O birisi kellesini agyrtsyn,
aýa sen kelläňi ýüregiň bilen,
çekil gyra gep-gürrüňden, habardan,
feýk ýa-da dogry, işiň bolmasyn,
başarsaň diňleme, gulak asma hiç,
saňa näme uruş tursa Yrakda,
ýa aç ölse ýemenliniň çagasy,
bular daşda, uzak ýerlerde bolýar,
sebäbi bar üstesine,
bir däl, belki, ýüzlerçe,
adam faktoryndan gelýän,
zynjyr olar iç-içinden baglanan,
islemeseň - üzülýän,
a isleseň - üzülmeýän hiç haçan,
iň esasy bahana,
gowga gerek birlerine,
bulandyrmak suwy ýa,
aňsat tutar ýaly balyk,
diýmek, senden sorajak ýok bu işi,
säginme ýoluňdan galyp,
ýa säginseň, bek gys dişiň.

O birisi kellesini agyrtsyn,
aýa sen kelläňi ýüregiň bilen,
ol-a daşmyş Yrak ýaly,
duldegşir goňşyňy ýa-da doganyň
alyp gitsin eli ganly KGB,
töhmet atyp, baş ogryny goraglap,
çagalary gelse üstüňe aglap,
gynanan bol il ýüzüne, ýalandan,
emma dözmän çörek puly, çaý puly
berjek bolup kösenme,
çykarma kisäňden eliň,
ýa ýanyňda sögünseler soltana,
ynanma hiç, eger-eger,
ýalňyşyp uzatma diliň,
sebäbi ne, alan terbiýäň şeýle,
"goşulma" diýendir kakaň,
a ejeň diýendir "barma, görünme",
diýmek, ýaşamaly ýalan,
sözlän sözüň kiçi dilden,
ýalan etjek delalatyň,
hemem delalata garaşman ilden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024