Surat

Göreşiň soňy

Olar ilki otuz ýyllap göreşdi
işlejegiň garşysyna,
adam ýaly, salgyt töläp,
entetdiler iş açdyrman,
iş açany has beter,
syrtlan sürüsi deý çozdular her gün,
taladylar el ýeteni,
aýak ýeteni goýman,
biri gaçdy geçip işden-gazançdan,
beýlekisi boldy böri,
özleri deý iýip doýman,
ahyrynda gelinen ýer -
ne iş galdy, ne işlejek,
ne-de salgyt, görsene,
olar indi kada-kanun isleýär,
hemem salgyt töleýän,
altyn tabagyny döwüp,
gaçyp döwük kersene...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019