Surat

Milletiň geljegi

Milletiň geljegi, döwlet
ýeke bolup ýykylmaýar,
dykylmaýar dar ýerlere bir bolup,
köp bolup, üýşüp ýykylýar,
owaly otly ojakdan,
ene-ataly, abat,
daşdan seretseň eger,
emma çagasyna wagty ýetmeýän,
öýden gaýdýar ýykgynçylyk,
soň mekdepden güýç alýar,
ady mekdep, elbetde,
her ýitirlen sagat bilen,
hemem mollum bilen ýalan,
çagaň wagtyn ogurlaýan,
daşdan gelip ýykylmaýar döwletler,
içerden ýykylýar olar,
ýalan partasynda ýatyryp bagtyn,
talaňçylyk edip ýolun, ýodasyn,
oturan şahasyn pyçgylar ýaly,
ogry bolar ýaly oturgyç ýeten,
diplom satyp ýumurýarlar döwleti,
diplomyny okap alan bor asy,
ýalandan däl, çyndan ediler heder,
hemem kürsi satyn alanyň bary
siňe baksaň diňe ýeke iş eder,
boljak bolar däl zady,
görünjek bor bolmanda,
boluşyndan başga bolup,
ogry bolsa, dogry görünjek bolar,
çynçy bolan bolar ýalançy bolsa,
batyrsyrar gorkak bolsa züwwetdin,
kütek bolsa - zehinli,
ýatak bolsa - işewür,
milletiň geljegi, döwlet
ýeke bolup ýykylmaz,
ýykar ony ulus il,
özi däle bolup höwür.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024