Surat

Eger ömür şeýle bolsa

Eger şeýle bolsa dünýe,
eger şeýle bolsa ömür,
ýaragy bar utsa diňe,
awtomaty her düregeý,
daşdan atyp, alyp bilýän,
elini gana boýaman,
ýa türmeli utsa diňe,
bendisini aç öldürýän,
a adalat diýilýän,
ýa diýilýän alla, hudaý,
taňry ýa-da şoňa meňzeş,
ertekisi bolsda diňe
garyplaryň, ezileniň,
köşeşdirmek üçin özün;
ýetimiň, naçaryň, duluň,
ýa-da galam bilen diňe
guýy gazan ýazyjynyň, alymyň
azaby bir köpük bolsa,
hemem azap edip ölse,
emma hiç zat üýtgemese,
ýüz müň ýa-da milýon ýylda,
bal gününe batsa ogry-jümrüler,
ýa ýaşasa ýalançylar,
bokurdakdan alyp gije we gündiz,
özüne beýik diýdirse,
mamla diýdirse bolman,
eger dünýe şeýle bolsa,
bagyşlaň, biedep bolsam,
ony bir köpüge alman.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024