Şar oýny
Ak sakgally gojalara,
ak gyňaçlary ejelere
şar berdiler çişirilen,
ýüp daňylan agzyna,
hapa ýeli çykmaz ýaly,
oýnaň diýip köçede,
oýnadylar gojalar,
oýnadylar ejeler,
soň ol şary oglanlara berdiler,
okuwly, bilimli kileň,
watana gala bolmaly,
gara ganym gelse çozup,
ýigit çykan bolsalar-da,
garşy çykýan diňe saçy
tahýasynyň basyşyna,
gapdalyndan paýladylar
gözel-gözel gyzlara şar,
erte birniň buýsanjy,
bezeg bolmaly öýüne,
oýnadylar şary olar,
ýaz ýaly ýylgyryp, gülüp,
ol ozal agras milletdi,
indi ýeňläp, barýar ölüp.