Surat

Işleýärler

Olar işleýärler durman,
tagalla edýärler uly,
ýatlatmak üçin her gün
seniň adam däldigiň,
däldigiň hiç taňryň guly,
bolubilseň aýagasty kesek sen,
begenmegi basylanda üstünden,
çydamagy öwren diýýärler diňe,
gys dişleriň döwülýänçä diýýärler,
ýogsa ilki işiňden,
soň dişiňden aýrylarsyň,
çagalaryň çörek gatnadar türmä,
olar işleýärler durman,
gijelerin gündiz edip,
ýogsa ozalky işlänler
birujundan barýar gidip,
barsagelmez tarapa,
hem diýýärler özüň bilýäň,
bu biziň işimiz, buýruk berilse,
hatda hudaýa-da töhmet atmaly,
perişdäniň maşynyna, öýüne
taşlamaly bir zatlary,
gyrar ýaly ganatlaryn,
ýa birlerin işden kowarys diýip,
ýüzüne goýmaly onuň,
durmuş şeýle, hiç alaç ýok,
olar işleýärler durman,
gapysyn giň açyp türmäň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024