Surat

Geň görmäň

Siz olaryň başbakanyn geň görmäň,
geňlemäň hiç boluşyny,
ýa geň görmäň ministrin, häkimin,
deputatyn parlamentde,
gara geçmişden galan,
hem geçmejek kanun satýan;
hiç geňlemäň polisýasyn, knbesin,
sudlaryny - asfalt ýol
hasaplaýan milleti,
sürüp gitmeli üstünden,
maşynyňy gowşatman,
hem başarsaň ýagşylyk däl,
ýamanlyk etmeli hökman,
siz olaryň geljegine serediň,
okaýan daşarda, çäreden daşda,
kakasyndan pul alyp,
ejesinden pul alyp,
kesip jigilerniň agzyndan, belki,
kitap gatyn açman asla,
ikilikçi, ýüzi galyň,
para berip diplom alýan,
siz geňlemäň emel ýeten nadany,
heniz emel ýetmedigne geň galmaň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019