Surat

Hekaýa bilen oýnama

Hekaýanyň bir tarapy, bir çüňki
bolmaýar söz azatlygy,
beýleki tarapyn görme diýseler,
sorama diýseler sorag,
seretme diýseler şu ýerden aňryk,
saga ýa-da sola tarap hiç hili,
beýle pikir azatlygy bolmaýar,
beýle aňsat däl aldamak
hem özüňi, hemem ili.

Aldaýarlar, aldan bolýarlar, dogry,
ellerine emel ýetse kämahal,
leninçi ýa stalinçi bolşewik,
ýa gitlerçi bolup giren taryha,
maglumata kontrollyk edende,
aldanýar ýa aldanany oýnaýar
eli arkasyna daňylan bende,
ýa-da juda gowşaklar,
suw meýilli gurbagalar, belki-de,
emma adam türmede ýa sürgünde,
ýa-da gelse bir gün yzyna gaýdyp,
ýa atylsa höküm çykaryp üçlük,
ýa-da pyçaklansa garaňky gije,
arkasyndan üç-dört bolup,
aňy bolsa başynda,
bilýär damak ýyrtyp gyrymasa-da,
hekaýanyň bir tarapy bolmaýar,
ýeke çüňki, seretmeli, görmeli,
adam onuň köplenç beýle tarapyn,
aňyrsyny bilýär, görýär ýa syzýar,
elheder etse-de aýtmak, diýmekden,
a käte ölse-de aýdyp ölmegi
gowy görýär ýalan ýalap iýmekden.

Hekaýanyň bir tarapy bolmaýar,
bolýan ýalam bolsa käte,
bakmasaň-da aňyrsyna, düýbüne,
görmeseň-de beýle ýüzün,
mümkin bolmasa-da görmek,
gözüň baglap partiýa ýa ýagdaýyň,
baýmyň, garyp, parhy ýok hiç,
adam hukugy-da şeýle,
bir taraply bolmaýar ol,
hukugyň bolmaýar seniň,
hukuklykaň basgylasaň başgany,
çykýar başga gapdaldan
başga çüňki iru-giç,
sen oýnama başarsaň
hekaýa bilen asla,
hukuk bilen hiç haçan,
sebäp alla diýermişin
hem kowalan, hem gaçan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024