Birinji ogrynyň yzyndakylar
Bu adatmy, endik, bilmeýärin hiç,
biz birinji ogra gaty gyzýarys,
talan, satan ýurdumyzy, gör, kime,
iki köpük üçin, bolmajy bolup,
zat görmedik açgöz, näkes,
emma onuň yzynda,
ikinji ýa üçjünji
duranlary unudýarys,
unudýarys uranlary öýümiz,
gelejegin çagalaryň,
olar bir däl, iki däldi,
onlarça hem ýüzlerçe,
müňlerçedi, belki-de,
indi pida köpüsi,
ölen ýa-da türmede,
gynanmaly diňe "pahyr,
wah, nerresse" diýen bolup,
biz birinji ogra gaty gyzýarys,
emma göz ýumýarys beýlekilere,
gyýylýarys çagalary aglasa,
unudyp öň azyndan
on gezek ölenmiz solup.