Surat

O tarapda işleseň

O tarapy saýlasaň,
o tarapa işe git,
bu tarapy saýlasaň,
bu tarapa işe git,
aň-akyly saýlasaň,
pähim et hem huşa git,
ham-hyýaly saýlasaň,
arzuwa çüm, düýşe git.

Ogrulara şärik bolsaň,
dogrulara garşy dur;
dogrulara şärik bolsaň,
ogrulara garşy dur.
Gýüçli bolsa ogry, dogry,
dogrulary ezer, bozar,
güýçli bolsa eger dogry,
aljyradar egrileri,
emma ýok edip bilmez,
sebäbi ogurlyk adam
döremänkä dörän, belki,
ene-atasy ynsanyň,
ýa dogany, gardaşy,
bir garynda ulalan,
gandan başlanyp bary,
adam näçe dogry bolsun,
adam näçe ogry bolsun,
öz-özünden alyp ary,
öz-özün gutaryp bilmez,
ýa başgaça aýtsak eger,
her näçe azalsa-da,
öldürseň-de türmä salyp,
sürgün edip ýat illere,
dogrular gutarmaz, ölmez,
ogrular gutarmaz, ölmez,
hem gutarmaz aralyklar,
hem o tarap, hem bu tarap,
iň esasy işiňi et,
o tarapda işleseň,
o tarapa işe git;
bu tarapda işleseň,
bu tarapa işe git,
gaharlanma işde hergiz,
gyzma hiç bir egrä, ogra,
ýa saýýana özün dogry,
mamla-dürsüň iň soňkusy,
hemem düşün bu dünýä,
gyzyksyz bor bolmasa,
ogry bilen dogryň gowry.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024