Öz öňüňde durma
Öz öňüňde durma, aýryl!
Sowul ýoldan,
öz ýoluňy bekleme,
duşmanyňy içiňdäki, daşdaky
bal-ýag bilen ekleme,
oňuşmarsyň barybir,
güýçli etme duşmanyň,
öçli etme duşmanyň,
pýalaşmak kyn bolýar oljany mydam,
ogurlygyň soňy uruş-dawadyr,
sokma ýalňyz başyň, parahat başyň
uly, kiçi ogurlyga hiç haçan,
dogry ýoldan sowulma,
ýoda gözläp gysgajyk,
ýetjek bolup, barjak bolup menzile,
azaşma çöl-beýewan däl,
ak şäherde çyraly,
a azaşsaň - öz-özüňi aklama,
öz-özüňi saklama,
saklama ogul-gyzyňy,
agtyklaryň saklama,
para bilen, çäre bilen,
saklama ýalan sözläp,
talap gündiziň güni,
bolsa, wagtyny iliň,
tapsaň - bagtyny iliň,
çilme görünmedik bolup,
arkadan gelip gije,
a gündizler güjeňläp
ogurlan her çüýüňi,
iň esasy özüň çilip özüňden,
öz öňüňde durma, aýryl,
sowul ýoldan, öz ýoluňy bekleme,
il ýoluny bekleme,
garaly-ak kontrakt baglaşyp,
öňýeten şeýtanyň wekili bilen,
duşmanyňy içiňdäki, daşdaky
bal-ýag bilen ekleme!