Surat

Iliň üçin

Iliň üçin türmä düşenňe deger!
Deger sürgün bolanyňa ýat ile,
deger entäniňe dil bilmän, ýanyp,
kösenenňe bilmän ýoly, ýodany,
deger hatda öleniňe il üçin,
galanyňa ýat toprakda,
çünki il ýesir-de bolsa,
çäresiz-de bolsa uzak,
eli, kalby gandally,
ejeň ölende geler,
kakaň ölende geler,
geler gaýynlaryň ölende hemem
eginlerne alyp gider olary,
seniň ýokdugyňy bildirmejek bor,
seniň duşmanyňy güldürmejek bor,
ajy habar her gelende yzyňdan,
seni ýat illerde öldürmejek bor,
KGB elheder eder,
türmeli, toply KGB,
elheder eder hökümet,
geçmesiz gyzyl çyzykdan
has aňyryk geçen bir çak,
eli ganly, belki-de,
döwletbaşy çekiner,
ogurlykdan, talaňdan
iň baý bolan ülkede.

Iliň üçin türmä düşenňe deger,
deger aç ýatanňa ýedi gün, gije,
çigildem köwlänňe sowuk zyndanda,
iliň üçin öleniňe deger, bil,
gynanma hiç haçan gelmedi ýa-da
durmady arkamda diýip,
ol seniň arkaňda durandyr bilmän,
ýa-da bilip içinden,
belki, öldürilip ölmän,
iliň üçin türmä düşenňe deger,
deger aglanyňa uzak sürgünde,
öleniňe ýüzüň gülmän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024