Surat

Öz islegiň

Seni birniň däli edesi geler,
seni birniň dönük edesi geler,
biri içirjek bor arzan aragy,
ilki cilim öwredensoň,
a beýleki çökerjek bor tirýege,
ýene biri, ýa has köpi
iter seni ogurlyga, ýalana,
nämemişin, hemme şeýle,
ha mollum bol, ha žurnalist,
ogurla sadanyň wagtyn,
bolsa ýany bilen bagtyn,
gelejegin, bolajagyn,
ogurlatsa - saňa näme,
ýa bilmese näme gowy,
sen geçir öz wagtyňy hoş,
başga işiň bolmasyn hiç,
öwrederler akyllylar,
köpi gören ýa köpbilmiş,
agram salma ýüregiňe, beýniňe,
başga biri üçin geldiňmi dünýä,
akyl berer ýene biri,
a beýleki dym diýer,
gürle diýer başgasy;
seni birniň däli edesi geler,
az bor doly etjek, dogry,
seni birniň dönük edesi geler,
az bolar batgadan çykarjak sogrup,
ýöne bular esasy däl, möhüm däl,
iň möhümi seniň özüň,
özüň näme isleýärsiň,
ýa-da nirä bakýar ýüregiň, gözüň?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024