Surat

Türkmen bolsaň

Adam aýtdy,
jany ýanan:
türkmen bolsaň hakyky
başga türkmen çagasyna
öwretmeli çilim bilen aragy,
a soňundan tirýegi,
geroini öwretmeli,
kitap gatyn açmagy däl,
okamagy, bilmegi däl,
bilmezligi öwretmeli,
dünýe nireden barýar,
görmezligi başgalary,
öwretmeli para alyp, bermegi,
ýalan sözlemegi gaşyňy çytman,
ýogsa ’haramazda’, ’dönük’ bolarsyň,
gaçyp gidip ýurtdan daşa,
ýat illerde arman bilen ölersiň,
aýralyk, agydan düşersiň aşa,
diýip gorkuzmaly ony;
türkmen bolsaň hakyky,
hakyakaty aýtjak bolýan,
ýa gözleýän kösenip
iki-ýeke türkmeniň
gülmeli üstünden, walla,
garşy gidýär diýip alla,
görmeýärmi diýmeli ol
kömek etjek bolsa ile,
öwretmeli öňýetene
gurmagy keltejik hile,
akyl ýerne uzakçyl,
türkmen bolsaň, boldy şeýle:
başga türkmen çagasyna
dogry, dürs bolmagy däl,
egilmegi öwretmeli
ogry-jümriň öňünde,
hemem tüýkürmegi göge,
ýüzüňe düşse-de günde...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024