Surat

Türkmençilik

Türkmençilik näme -
okamaly däl,
goý, kim näme ýazsa ýazsyn,
ýa okasaň bilmeli däl nümüçin
adam näme diýjek bolup kösenýär,
ýa kesä çekmeli sözüni onuň,
gülen bolup, ýetmeziňi ýapmaly,
türkmençilik näme, özüňkini däl,
mydam başgaň kemçiligin tapmaly!

Türkmençilik näme -
özüňden başga,
çagaňy hem saklamaly bisowat,
çagalykdan kitap, erteki okap,
ýa-da başga hünär öwretjek bolup,
gyzyldan-da gymmat wagtyň
sowurmaly däl ýele,
eger ataň ýa eneň
kitap ýygnan bolsa ozal,
hajathana äkitmeli baryny,
a soň öwünmeli ogluň ýa gyzyň
para berip, uly okuwa salyp,
bolar ýaly menejer,
türkmençilik näme -
düşünseň başdan,
ejir çekmek üçin çekmezlik ejir.

Türkmençilik näme -
ene diliňde
iki sözi ýazyp bilmezlik dogry,
ýa-da ýazmak ’edýär’ ýerine ’etýär’,
diýmek ’gidýär’ ’gitýär’ bolmaly hökmän,
bu sözi aýdana ’aýdýar’ diýmezler,
’aýtýar’ ýa-da ’aýtan bolýar’ diýerler,
türkmençilik näme -
aýtmaly sözi,
ant içen dek aýtmazlygy söýerler.

Türkmençilik näme -
diliňde alla,
hem ýürekden ynanmazlyk hudaýa,
eliň gelse, uly ogurlyk etseň,
ýolda köpük taşlan bolup gedaýa,
soňundan kän diliň-başyň çeýnemek,
jomartlygyň gürrüň berip bar ýerde,
türkmençilik näme -
agyr hassalyk,
hemem hiç düşünip bilmezlik derde.

Türkmençilik näme -
guran peşmek deý,
uçup gitmek iň ýeňiljek ýellere,
göçüp gitmek, göterilmek asmana,
tüweleý patşasy, serdary bolmak,
hemem ýerde büdüremek, urulmak
öli, diri, ýa dogmadyk pillere,
arasynda ýeke pursat ýa iki
haýran bolup bakan bolmak güllere,
a soňundan bizar bolmak bar zatdan,
maňlaýyňy ýere berip aglamak,
geçenleri ýatlap, jiger daglamak,
a öňüňe seretmezlik, görmezlik,
türkmençilik näme, meger,
eger-eger özgermezlik...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024