Surat

Ýykylan

Başarsaň, bahylyň ýüzüni görme. Magtymguly

Altmyş, ýetmiş ýaşasa-da ýadaman,
bahyllygyň gara daşyn
goltugynda göterýänden ýadama,
ýadama arzan alan köýnekleriň sanandan,
ýa hasaplap aýlygyňy, emlägiň,
artyk görüp öz malyndan,
ýüregini çişirýäne, ölýäne
gaharlanma, gyýylma,
käýinme içiňden, daşdan,
ýaşa ýagşylyga ymtylyp diňe,
iň ozaly öz-özüňi biljek bol,
tanajak bol özüňi,
derňe özüň nirelerde,
ýa nämede ýykyldyň,
çekildiň özüňden aşak,
ýaltanma hiç näçe gitmeli bolsa,
dönmejek bol saga, sola
özüňe äkidýän ýoldan,
hemem çarkandaga düşüp,
ýa-da uçup uçutdan,
agzyň-burnuň uçukladyp,
gaçma özüňden daşa;
altmyş, ýetmiş ýaşasaň-da,
bahyllardan ýadama,
ýöne gynan azajyk,
sebäp hakyň, ýaradanyň, belki-de,
bahyl bolsa, gargadygy adama.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019