Oglanlyk
Biz olary ýazyjydyr öýderdik,
hakykaty ýazjak bolan,
ýalan sözden gurman duzak,
şahyrdyr öýderdik haýra
elin beren agyr günde,
agyr ykbaly saýlap,
sebäbi çagadyk, mekdep partasy,
gara tagta ak hek bilen ýazylan
ýazyjy atlary, şahyr atlary,
portretler çarçuwaly daşlary,
mukaddesdi biz üçin,
bilmeýärdik olaryň
bilýänini ýazmanyn,
toslama toslap uzak,
gorkanyny, elbetde,
gürleňgüjük ýaly özün gömenin,
biz olary ýazyjydyr öýderdik,
hem öwerdik mollumlaryň öwenin.
Ýaşdyk, Lenin babamyzdy, ynansaň,
bolşewikler bagtymyzy açypdy!
Açlyk, gyrgynçylyk - bu başga gürrüň,
diňe mesler ýurdun taşlap gaçypdy.
Biz olary ýazyjydyr öýderdik,
hakykaty ýazjak bolan bolmanda,
emma olar başlaryny gutardy,
başgany däl, hatda özlerin aldap.
Olar biziň gözümiziň nurydy,
muňa özleri-de ynandy, meger.
Goşgujyk ýazdylar, kyssa ýazdylar,
pikir etmän soňy, gör, nirä deger?
Ine, indi soňy geldi, otyrys,
mirasymyz kersen, Puşkinden galan,
dogry, şindem ýazyjy bar, şahyr bar,
hem ýalany baýdak edip galgadýar,
edil bolşewigiň öwlüşi ýaly,
öwlüşi dek Staliniň urşunyň,
biz olary hormatlardyk, sylardyk,
apalan dek ölüm boljak gurşuny.