Surat

Sesini çykarmaýan

Sesini çykarmaýan
hiç mesele çözüşmez,
çigişdirer meseläni tersine,
goý, ýüzüne ursunlar kän,
goý, alsynlar agzyndaky çöregin,
çagasyny aç goýsunlar,
içirsinler gara suwy
art aýagyndan itiň,
sesini çykarmaýan
gataltman saklanar etin,
ýaran bolmaz sesli bolsaň,
problema çözüşmez ol,
problema bolar, belki,
problemadan beter,
adam çig süýt emen,
gynanma hergiz,
doganyňam bolsa sessiz galana,
diýdimzor dünýede ölseň, gutulsaň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019