Surat

Ikitaraplaýyn gedaýlyk

Ýok, olar garşy çykmazlar,
galdyrmazlar başlaryny,
diýmezler diýmeli sözi,
garaşarlar başga birne,
talasynlar näçe ýene,
aldasynlar göz-görtele,
özlerin däl, çagalaryn
bergi-borja batyrsynlar,
getirsinler gedaýlyga
dogulmadyk agtyklaryn,
olar garşy çykmazlar hiç,
el çarparlar tersine,
minnetdarlyk bildirerler,
ýylgyrarlar ýalandan,
sebäbi ne, gorkýarmyşlar
beterinden, eý, hudaý,
ýaradyp nätjekdiň beýdip,
talaýany, talanýany
deň dereje, kalby gedaý?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019