Meni gaýtalama
"Don’t let my past be your future." Harry Leslie Smith
Gowaçanyň içindedim,
a içýänim azotly suw,
depämde gün, otly halka,
ýanýardy hiç öçmejek deý,
ömür, göýä asmanda guw,
geçýärdi hiç geçmejek deý.
Okamaga kitap ýokdy,
bolanlaryn gaýta-gaýta
okaýardym ýat tutjak dek;
gazet-žurnal ýalan sözden
dolam bolsa garaşýardym,
göýä alan lotereýim
pesinden "Wolga" utjak dek...
Otly hergiz ir ugrardy,
ýa-da men giç geldim mydam,
hem ylgardym ýetjek bolup,
giden otlyň yzyndan kän,
sebäp näme, bisowatdym,
dil bilmezdim sözlemäge,
gözýetimim gysga boldy,
gorkdum daşa gözlemäge,
seretmäge çynyň ýüzne,
türme boldy baran ýerim,
diwar boldy öňüm kesen,
urdum başym gaýta-gaýta,
agladym eşdilmän sesim,
hemem pikir etdim şu gün,
ýaltanman okana birden,
diýmegi bir, ýeke sözi:
Gaýtalama meniň gara geçmişim,
gaýtalatma çagaňa,
çagalarna çagaňyň,
bilip ýa bilmän,
garşysynda durma ýagtynyň, nuruň,
öldürme özüňde aňyň!