• Türkmençe
  • English

Ýowşan Annagurban

Bölümler
  • Goşgular
  • Poemalar
  • Hekaýalar
  • Makalalar
  • Bellikler
  • Portretler
  • Terjimeler
  • Media
  • Ses ýazgylary
  • Suratlar

Ýene-de KGB

Ýene-de KGB kastyma çykdy,
ýogsa ýurtdan gaçgakdym,
ýat illerde, watan zaryny çekip,
çagalarym bilen uçara münüp,
watana däl, Barselona barýardym,
erkin katalonyň ýurdun görmäge,
hemem deňiz kenarynda
göwnümi güne sermäge.

Ýene-de KGB yzyma düşdi,
ýogsa uçar meýdanynda türkmençe
gürlänleri görüp, dymdym ýa bolman
batdyk-sutdyk başga dilde gepledim,
bildirmedim türkmendigim,
emmaki KGB yzyma düşdi
gaçdym ýene, gaçmak boldy endigim.

Olar kowalady gyzyl "Jipinde",
ellerinde kalaşnikow, awtomat,
döşlerinde, ozal görmändim ony,
Leniniň däl, nyşanjygy Putiniň,
Muhammet Nazarow, Allakulyýew...
içimden diýýärin tutuld-a bular,
ýitdi ahyr türmesinde Saparyň,
emma ýene meniň kastymda galman,
nirä gaçsam kowýar aryp,
gyssanjyma urýan maňlaýym ýene
gyrasyna kän urulan diwaryň.

Ýene-de KGB yzyma düşdi,
ellerinde kalaşnikow,
Barselona dälmi bu ýer, gygyrdym,
dälmi bu ýurt Kataloniýa?
Olar ha-ha-haýlap güldüler maňa,
hem diýdiler: "Sen biz bilen dolanýaň,
gaýdyp barýaň bagtyýar,
berkarar watanyňa!.."
Bagyrdym: "Ýok, islämok!"
Hernä düýşüm eken, taňrym,
oýanyp kän şükür etdim,
kofejigim içip ýene,
ir bilen işime gitdim.

  • 01.10.2017
  • Goşgular
Bölüme soňky girizilenler
Isleseň gül, isle agla 22.02.2019
Uly sorag 20.02.2019
Beýik ýazyjylar 19.02.2019
Özüme pent 19.02.2019
Baky türme 18.02.2019
Millet ejizlände 18.02.2019
Paýlaş

Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.

  • RSS

annagurban.com copyright © 2006-2019