Surat

Men size aýdaýyn

Men size aýdaýyn gowşak ýerimi,
ýaralajak ýeriňiz,
zäherlejek ýeriňiz,
agyrtjak ýeriňiz ýüregim, bagrym,
uzak aralykdan, gelmän ýol aşyp,
ýa ibermän içaly,
eziň ezileni öňküden beter,
alyň, talaň talananyň malyny,
ýetimi, ýesiri, naçary uruň,
kemsidiň milleti boýdan-başyna,
saklaň ýoldan, ýagtylykdan, bilimden,
eger-eger etjek işin etdirmäň,
ýa ýaşaýşy gowy etmäň ölümden.

Men aýdaýyn size gowşak ýerimi,
öldürdiňiz ejemi,
kakam gitdi yzyndan,
doganlarym, diri galany heniz
terror obasynda çalajan, emma
suw uzadyp bilemok,
nan uzadyp bilemok,
kitap-depderden geçen,
olar gorkýar, sandyraýar, titreýär,
atasynyň adyn üýtgedýär hatda
täze dogan agtygyň,
men size aýdaýyn gowşak ýerimi,
ýatýan ýerin bagtymyň,
halkymy eziň,
kesiň barça hak-hukukdan, okuwdan,
nadanlykda saklaň ýene elli ýyl,
25-iň ütesine,
bu sowetistany gaýtalamak bor,
gaýtalamk bolşewigi,
kommunistiň ’kes kesiňi’
gulagymda ýaňlanýar...
Men siz aýdaýyn gowşak ýerimi,
ilim ölse, men ölýän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019