Žurnalist we nadan
Indi, meger, žurnalistiň başyny
etegne salmagy akyl däl beýle,
hakykaty aýtmak üçin,
diýmek üçin diýilmeýän sözleri,
açmak üçin birleriniň gözüni,
ýa ýüzüni ezijiniň, zalymyň,
sebäp golaýlatdy telefon-alla
arasyny çopan bilen alymyň.
Indi, meger, žurnalistiň ejesin,
ýa aýalyn aglatmagy gerek däl,
öldürilip yzynda,
ýa-da gaçsa gara başyn gutaryp,
urulmagy gerek däl
tw bilen gazetde,
sebäp her kes görýär bolýan zatlary,
hemem jübüsinde telefony bar,
hemem bilýär islese,
etmelisin soraman,
ýa geňeşmän hiç kime,
aň-üşügi bolsa sähel,
ýa düşünýän bolsa üme.
Indi žurnalistiň durmagy gerek,
görmegi gerek,
ne isleýär adamlar?
Ezilişmi, sütemmi,
ýa açlykmy isleýäni olaryň,
ýa açlykdan ýadan bar?
Indi, meger, žurnalistiň
ölmeginiň manysy ýok,
hakykaty aýtjak bolup,
ýa çykarjak bolup ýagta,
bu islese, her bir çagaň elinde,
telefonyn güjeňleýän,
ýa islese, her kes žurnalist indi,
ýagny hakykatçy, ýa halal adam,
islemese, ýüz-müň žurnalist ölsün,
kameraly goçak-goçak,
hakykaty açjak bolup,
adam bolup bilmez nadan.