Surat

Garyp biçäre

Ol näçe bezenip çyksa,
täze eşik geýip her gün,
ýa at çapsa bir-birinden owadan,
özüniňki, elbetde,
sowgat berlen ’ak’ ýürekden,
ýa-da tigir sürse täzeden-täze,
tekerleri, ýa ýasawy üýtgeşik,
gyzyl çaýylan, belki,
niresine, biljek däl,
ýa her näçe maşyn münse owadan,
ýa dikuçar sürüp aýlansa, görse
desgalary ýokarsyndan,
garyplygyn däl iliň,
ezilen hem talanan,
hem guwansa jaýlara
gelejegi gömlüp gurlan milletiň,
görkezýär ol şonça, meger,
garyplygyn, açlygyn,
hem görkezýär saçyn boýap,
altmyş ýaşap ýaşlygyn...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019