Haka, alla her kim birhili bakýar
Haka, alla her kim birhili bakýar,
her hili bakýar,
hem düşünýär özüçe ýa başganyň
aýdanyna, diýenine ynanyp,
hem ýalbarýar ýykylanda,
ýa düşende başyna iş,
käsi diňe endik edýär
‘alla, hudaý’ diýmegi,
pikir etmän hiç zady,
ýa pikir etmezlik üçin,
aldamak üçin özün,
köşeşdirmek üçin, belki,
teselli bolup özüne,
hem ozal alladan beter
ynanýar ýürekden däl-de,
ýalandan aýdan sözüne.
Biri biznes, iş edinýär allany,
biri aýal baryn aljak, ýaýnajak,
biri mal-dünýäniň hözirin görjek,
azap-alla diýip däl,
alla diýip ýalandan,
aam adamy aldap, talap gitjek kän,
adamy däl, allany-da ütjek kän,
a ol demokrat bolarly uly,
ýa başga pikire çydamly örän,
zat diýmeýär hiç kime,
ýa diýse-de göni gelmeýär ýüze,
jeza berýär başgaça,
mysal üçin, aklyn alyp başyndan...
Her kim alla, walla, birhili bakýar,
her hili bakýar,
hemem muny görüp, saýgaryp bolýar,
käte halka seretseň-de daşyndan.