Surat

Wehim salmasaň

Hiç kime wehim salmasaň,
ýa howp-hatar bolmasaň,
ýaragly ýa dürreli däl,
boýuň hem syratyň bilen,
başda akyl bilen, belki,
huşuň bilen biraz ýiti,
ýa-da biraz başgaça
görşüň bilen durmuşy,
duşmanyň bolmaz asla,
bolmaz bahyllyk eden,
taýak sokan tekeriňe,
bilen, tanan ýa saýgaran,
ýolda gören az bolar,
pete-pet gelseňem her gün,
emmaki bir zatlar bolsaň,
ýa bir zatlar başarsaň,
ýa başarar öýtseler,
garaş gaçyp gitseň-de,
dagdan, derýadan geçip,
tapylar yzyňdan gelen,
geljek bolanlar ýa-da,
badyň aljak bolarlar,
çolaşarlar aýagyňa,
ýa bularlar ýüregiň,
emmaki wehim salmasaň,
hiç kim bolsaň dogrusy,
duşmana ýok geregiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024