Surat

Düzüw adamlar

Onda düzüw adamlar bar,
dogruçyl hem talapkär,
ýüz görmejek saňa gezek gelende,
ýalňyşsaň çykaryp iliň öňüne
utandyrjak, ötünç soratjak hemem
türmä basjak düzelmeseň,
gönelmeseň oklaw ýaly,
örän düzüw adam olar,
halamaz hiç hile, aly.

Onda düzüw adamlar bar,
dogruçyl hem talapkär,
emma diňe bir taraply görýärler,
eşidýärler bir taraply,
oýlanýarlar bir taraply,
düşünýärler bir taraply,
ýagny gysga möhletli
bagty saýlaýar olar,
hökümeti saýlaýar,
ogry bolsun, jümri bolsun,
şonuň bilen bolýar olar,
şonuň bilen galýar olar,
uzagyndan betbagtlyk,
şumluk bilen gutarýan,
ogul-gyzyn gara lüýge batyrýan
hökümetiň ogly olar,
berkarar hem bagtyýar,
a başgalar egri, mugry,
onda düzüw adamlar bar...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024