Surat

Garaşma

Durmuş bir gün geler diýip garaşma,
güler diýip garaşma ol ýüzüňe,
diýer diýme ’Ýaşa indi, bes, oglan!’
bu umydyň kes, oglan!

Alyp ýören demiň durmuşdyr, bilseň,
her gün irden turanyň,
ýuwunan-ardynanyň,
hemem ýola çykyp gideniň işe,
awtobusda dyknyşanyň,
ýa ýetişmän giden otlyň,
yzyndan ylganyň käte,
kä büdüräp ýykylanyň,
kakynanyň turup soňra,
kä jübiňden sanap sowýan
puljagazyň çildireniň,
ýa-da gözi gyzaran,
azgyn hana aýdyp sözüň,
duşmanlaryň güldireniň,
durmuşdyr, oglan!

Durmuşdyr her sözüň, aýdan, aýtmadyk,
pikirleriň durmuşdyr.
Bahyllygy kärdeşleriň, doganyň,
ýa guwanjy kesekiniň ýedi ýat,
durmuşdyr satmagy nirde pikirdeş,
ýa hudaýhon bolan bolýan biriniň,
durmuşdyr kgb-äň gara türmesi,
aç oturmak, ot-ojaksyz gagşamak,
gam laýyna atmak eneň-ataňy,
ýöne çykmak aman-esen,
soňra gaçmak ýat illere,
yzyňa garaman gezmek,
hem düýşüňde her gün gije
gözel ýurda dolanmak,
durmuşdyr, oglan!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024