Barrikada problemasy
Barrikadaň beýle ýüzi düşnükli:
ýalançylyk boýdan-başa,
talaňçylyk soňy gelmez,
güýç-güýç ýeten, eden-etdi,
giden-gitdi, gelmesi ýok,
bir gürleýän, bir edenli,
bir ýazyjy, bir şahyr bar,
tä ölýänçä birinji ol,
hala agla, hala-da gül;
barrikadaň beýle ýüzi,
bir görmäge başgaça,
emma siňe seretseň,
gan görünýär süýtde-de,
çünki adam öz-özüni aldaýar,
niýetin däl, diňe sözün üýtgedip...
A soň gaty görýär görseň, tanasaň,
kimdigini, nämedigin aslynda.
Barrikadaň aňyr ýüzi düşnükli,
oň bärsinden nirä gaçjak asgynlap?
Meger, adam barrikada özüne,
hiç parhy ýok haýsy ýanynda galsa.
Birleri bar, berjek bolup kösenýär,
a beýlekä azdyr her näçe alsa.