Iş bitmese
Iş bitirmek üçin ony
başlamaly biri başdan,
dogry ýerden, bulaşdyrman,
hapalaman iň esasy,
urjak bolup gyzyl harman;
iş bitirmek gykylyk däl,
galmagal däl tükeniksiz,
gargamak däl birlerine,
ýa-da diýmek ’olar erbet,
a men gowy, düzüw, akpäl,
ilim üçin öljek durman!"
Iş bitmeýär bir söz bilen,
goý, her niçik süýji bolsun,
ýa ýylmanan bolsun ýeser,
esasy zat söz hem niýet
deň bolmaly, başga bolman,
eger-de iş hiç bimese,
ýa bulaşsa ýylba-ýyldan,
serediň siz sebäbine,
nobatdaky demagoga aňalman!..