Surat

Watançylyk el öpmek däl

Watançylyk el öpmek däl, bolmady,
ýa-da bolmaz hiç haçan,
onda-da ogrynyň elin,
watançylyk dyza çökmek däl asla,
epilmek däl kim-kimleriň öňünde,
ýaýaplamak, ýylgyrmak däl günäli,
ýa dymmak däl egriligin egriniň
diýmeli wagtynda göni ýüzüne,
däl ol watançylyk hiç başarmasaň
seretmegi hakykatyň gözüne,
bolmady hiç haçan beýle,
bolmajak birigün ýa-da,
bolsaň sen adam...

Watançylyk bahyllygyň,
göripligiň ýeňmek ilki,
çaga bolsaň - basdaşlygyň
doganyňa, uly, kiçi,
goňşy oglan-gyza ýa-da,
bahyl bolsaň - watançy däl,
adam däl sen sygýan kada.

Çünki bahyl bolubilse
nökeri bolar göýdügiň,
gowy görner ýaly özi,
ýa göýdügiň arkasyndan
göýdük işin etmek üçin,
ogurlamak üçin uly,
ýa-da derlemeli wagty
saýa geçip, ýatmak üçin,
çyn watança şyltak atar,
hem watana bolar hatar.

Watançylyk owal-ahyr
orden ýa medal almak
bolan däldir göýdükden,
göýdüklik üçin gowy,
bolmaz hiç haçan,
muny, belki, ýanjamagam gerek däl,
ýa gerek däl düşündirmek hiç kime,
sebäbi ol dürtülip dur her kese,
gözli bolsaň, görünip dur aç-açan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024