Ýazýan adamyň ahwaly
Sen goşgy ýazýarsyň, makala ýazýaň,
diýjek bolýaň diýilmeli sözleri,
aýtjak bolýaň aýdylmaly hakykaty özüňçe,
emma ol hakykat ýaramaz hemmä,
hatda zerur bolsa-da, ölmek däl, ýaşamak üçin,
galmak üçin il bolup,
biri töhmet diýip ýigrener ony,
ýene biri diýer ýarym hakykat,
hemem doly hakykaty açmaly,
aňlajak bolmaly adamlar kileň,
ýa adamlar düşünjeli seniňçe,
birleşmegiň deregine,
deregine il bolmagyň ibaly,
dymar hem çekiler gowy bolanda,
erbet bolsa - hüjüm eder ýeňseden,
eliňden galamy gaçyrjak bolup,
ýa diýdirjek bolup ’maňa gerekmi,
özlerine bolsa, ýarasa halka,
ýaşasynlar şunuň ýaly...’
Sen goşgy ýazýarsyň, makala ýazýaň,
ýazjak bolup ýazmaýarsyň, elbetde,
ýazdyrýar milletiň haly.