Olar dowzah gurdular!
Olar ýerde demir gapy,
gapy itli, goragly
türme gurmadylar diňe,
içi açlyk, daşy gaty,
betbagt edip betbagty,
dowzah gurdular beýik,
diwarlary betondan,
çykyp bolmajak ölmän,
hat-habarsyz on-onbäş ýyl,
ýa-da has kän saklanmaly,
näme boldy ýakyn, ýada,
yzdan jinnek habar alman.
Olar ýerde tutuş ýurdy
türmä öwürmedi diňe,
içi açlyk, daşy gaty,
dowzah etdi köplere,
çünki ýaryşdylar ýowuz
imanda däl, gümanda,
bahyllykda, belki-de,
gara-gara pikirlerde,
şükürde däl hiç haçan,
ilki duz iýişip, gülüp
bir-birege ýasama,
a içden ýigrenip soňsuz,
belli däldi kim nirede,
haýsy gorpa ýykyljak,
iň esasy - her zat edip,
soňa galan kim boljak?
Olar türme gurmadylar,
dowzah gurdular göni,
gazyn, togun mugt edip,
ýakmak üçin başgalary,
owal-başdan ýa-da soňra,
bir gün wagty gelende,
hemem indi düşünýärler,
öçürmek ýigrenjiň odun
däl hiç kimiň elinde.
Olar dowzah gurdular!