Surat

Gorkudan her kimiň özi çykmaly

Gorkudan her kimiň özi çykmaly,
garaşmakdan netije ýok
gelerine birleriniň,
alaryna elinden öň,
öldürmänkä, gömmänkä,
kim bolsaň bol, özüň ýeňmeli ony,
güýç-kuwwatyň deň bolmasyn, bolsun deň.

Dogry, ýüz ýyl çeken ýalandan soňra,
dogra tarap gitmek kyn,
seretmek kyn hatda ýüzüne onuň,
gözüne seretmek kyn,
garaňkydan çykyp, ýagta bakan dek,
baş ädimi ätmek kyn,
emmaki alaç ýok ýaşajak bolsaň,
adam ýaly dik durup,
başyňy galdyryp ýerden,
gorkudan her kimiň özi çykmaly,
ýaşajak bolmaly her kimiň özi,
ölüme gol ýapman gorkup,
her kim özün götermeli ýokaryk,
hemem öz-özüne bolmaly gerden.

Gorkudan her kimiň özi çykmaly,
kapasa ýasanman ondan,
öz daşyna öz tiken-sim aýlap,
sebäbi ýok ol diýilýän ýaradan,
näçe garaş, geljek azatlyk paýlap.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024