O biriniň allasy
O biriniň allasy
otludan düşüp gelende,
nirededi biziň hudaý,
ýaradan ýa gök taňrymyz,
haýsy çöpe bukuldy,
gorkdumy ýa allasyndan başganyň?
Neden gelmedi ýogsa,
wah, garaşan çoh oldy.
O biriniň allasy,
otludan düşüp gelip,
aýal-oglan uşagy
depeletdi, ezdi kän
diňe otly münüp däl,
ili münüp gezdi kän.
Aglasy geldi iliň,
möňňüresi geldi kän,
entejik ýaşajaklar
dert tapynyp, hatar-hatar,
wagtyndan ir öldi kän.
Walla, neden beýle boldy,
o birleriniň allasy
otludan düşüp gelende,
biziňki ne gelmedi
uçarly ýa dikuçarly,
bolmanynda at-eşekli,
ýa aýagy döwlen bolsa,
gelip bilerdi pişekli...
Ýa-da biz öz allamyza
ikilik etdikmi sessiz,
çöp-çalama bukulyp?
Belki, şondan hiç gelmeýär biziňki,
a keseki hiç gitmeýär ýok bolup?