Surat

Gowy pikir

Bag ekmek bir gowy pikir,
hasam gowy edip bilseň,
ekip bilseň bir ýa iki,
üç daragty, belki-de,
depip bilseň düýbüni,
hem suwsanda suwarsaň,
barsaň, ýanynda dursaň,
gürleşseň görjek ýokka,
öz gürrüňňe ýylgyrsaň,
soň ulalsa, saýa salsa,
sen düýbünde otursaň;
agaç ekmek gowy pikir,
agaç ekmek gowy ýol,
ýöne agaç ekip ýurdy
guratsalar gowy däl.

Jaý salmak bir gowy pikir,
hasam gowy gurup bilseň,
ýetirip bilseň boýuny,
soňra ýapyp üstüni,
için, daşyn suwasaň,
hem guwansaň guranyňa,
sebäbi öý mukaddeslik,
emma jaý salyp adamy
beýgeltmek däl batyrmak,
beýiklik däl, bolar peslik.

Ýol gurmak bir gowy pikir,
hasam gowy gurup bilseň,
uly ýol ýa ýodajyk,
iň möhümi ýöreljek,
ot basmajak ertesi,
iň esasy şaýol gurup,
azaşdyrma her kesi!?.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024