Ýigrenjiňden ýapyşma

Ýapyşara zadyň ýokmy?
Ýokmy hiç bir tutaryň,
aslyşara, ilişere,
saklanara azajyk,
bolman kiçijik agaç,
dag gerşinde gögeren,
gopýança eglär ýaly,
uçup gördüm ol gaýadan,
bilýärin bu ahwaly...

Ýapyşara zadyň ýokmy?
Ýat iller hem ýekelik,
yzda açlyk, kemsitme,
garyp iliň sergezdan,
ýatlasaň ýatyp bilmän,
çiş kakylan gözleriň
gözleýärmi ejeň-käbäň
çörek ýapan tamdyryn,
gulaklaryň küýseýärmi
gysgyn nanyň pazyrdysyn,
suwly bedrä batyrlan...
Nirde galdy dogduk mekan,
ýuwa ýygan takyrlaň?

Ýapyşara zadyň ýokmy?
Uçan ýaly uçutdan
duýýarsyňmy özüňi?
Kömek etmez hiç haçan,
ýigrenjiňden ýapyşma,
ýapyşma bahyllykdan,
garasyndan ýa içiň,
diýme başga seredip,
o nämüçin ýykylanok,
dagdan, kötelden geçip?

Men saňa düşünýärin,
ejizleme esasy,
ynamyňy ýitirme,
ýitirme hiç umydyň,
ejizlige el berme,
birdir bilseň, başga däl,
gargamak hem ýalbarma!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019