Alternatiw ýaşaýyş
Alternatiw bolsun ömrüň,
alternatiw bolsun ölmüň,
ýazanlaryň däl diňe,
belki indi ýazjagyň,
özüňden öň ýazanlara
alternatiw bolsun hökman,
ýaz ýazaňda howlukman,
gyssanman ýaz, sebäbi
özünden öň eseri
ölenleri gaýtalama,
ýazma ýalandan asyl,
bermedigin hudaýyň
ýalbaryp aljak bolma,
a berenin al mydam,
göter ýüklän ýüküni,
ikiýüzli ýaşama,
ýa ýaşama ökünip,
ýazma on ýüzli bolup,
onbäş öwsüp her pasyl,
alternatiw bolsun ömrüň,
alternatiw bersin hasyl,
owal-ahyr görülmedik,
dogry, görmedik bolarlar,
bilmedik bolarlar hökman,
gülen bolarlar ýa-da,
äsgermedik bolar oba,
ýa-da bolan bolar sada,
emma muňa seretme,
bilýän bardyr içinde,
rörýän bardyr içinde,
hem yzyňdan ýetjek bolup,
ylgaýanlar tapylar,
ala-hasyrdy bolup,
durup yza seretseň,
tapyr-tupur çökerler,
ýatarlar ölen bolup,
alternatiw bolsun kyssaň,
uzyn, gysga, parhy ýok,
alternatiw bolmasaň,
ýaşamagyň nyrhy ýok.